30 kilogramlyk akwarium balygy çeňňege düşdi

Adatça akwariumlarda idedilýän “altyn” balyklar ýabany tebigatda hem duş gelýär.Gyzgylt mämişi reňklidigi sebäpli şeýle atlandyrylýan balyklar näçe kiçi hem bolsa akar suwlarda has uly bolýarlar.

Fransiýanyň Şampan welaýatyndaky Blýuwoter kölünden bolsa agramy 30 kilograma barabar bolan “altyn” balyk tutuldy.Bu jandaryň dünýäniň iň uly “altyn” balyklarynyň biridigi bellenilýär.Bu balyk 20 ýyl ozal köle goýberilen eken.

Bu balyk britaniýaly balykçy Endi Hakettiň çeňňegine düşüpdir. 42 ýaşly bu balygyň şol ýerdedigini bilýändigini, emma tutup biljekdigini çaklamandygyny aýdýar.Hakett balyk bilen ýadygärlik surata düşenden soňra ony suwa goýberipdir.

Kölüň balykçylyk boýunça müdiri müşderileriň üýtgeşik zat tutmagy üçin şol balygy köle goýberendiklerini, emma onuň wagtyň geçmegi bilen ulalandygy we häzire çenli hiç kimiň tutup bilmändigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Dyrnak iýme endiginden nähili halas bolmaly?
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Taryhynda 1 gezek ýeňiş gazanan topar