Endikleriň sagdyn ýaşamaga täsiri

Sagdynlyk we uzak ömür DNK (diri organizmleriň ählisiniň mirasdüşerlik maglumatlaryny saklaýan molekula) bagly däl-de, eýsem, biziň durmuş ýörelgelerimize we endiklerimize hem bagly.Alymlar ýarym milliona golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen giň möçberli barlaglardan soň umytlandyryjy netijä geldiler.

Görlüp oturylsa, genleriň garramaga örän az, ýagny diňe 2% täsir edýändigi, ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň bolsa 17% täsir edýändigi belli bolupdyr.Başgaça aýdylanda, biziň nähili ýaşaýandygymyz ene-atalarymyzdan miras galan zatlardan sekiz esse möhümdir.

Garramagy çaltlaşdyrýan iň möhüm sebäpleriň arasynda çilim çekmek, fiziki işjeňligiň pes derejesi, jemgyýetden üzňelik, ukynyň bozulmagy, emosional we fiziki taýdan argynlyk bar.

Alymlar hatda adamyň oňaýsyz genetikasy bar bolan ýagdaýynda-da, işjeň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň garrama prosesini ep-esli haýalladyp, ömrüň dowamlylygyny uzaldyp biljekdigini öňe sürýärler.

Orazgeldi Babaýew,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýapon biologlary iýip bolýan holera sanjymyny döretdiler
Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy
Suratkeşiň nesil daragty dikeldildi
Ölmeýän çöl ösümliginiň syry açyldy
Üzümiň öýken düwnügine garşy göreşde peýdalydygy anyklanyldy
Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler