31-nji kluby bilen şertnama baglaşdy

Urugwaýly meşhur futbolçy Sebastian Abreu karýerasyndaky 31-nji kluby bilen şertnama baglaşdy. 44 ýaşyndaky hüjümçi ýurdunyň “Sud Amerika” kluby bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy.Tejribeli hüjümçi şu wagta 11 ýurtda “Defensor” (Urugwaý), “San Lorenzo” (Argentina), “Deportiwo La Korunýa” (Ispaniýa), “Gremio” (Braziliýa), “Nasional” (Urugwaý), “Kruz Azul” (Meksika), “Amerika de Kali” (Meksika), “Tekos” (Meksika), “Sinaloa” (Meksika), “Monterreý” (Meksika), “San Luis” (Meksika), UANL (Meksika), “Riwer Pleýt” (Argentina), “Beitar Iuresalem” (Ysraýyl), “Real Sosiedad” (Ispaniýa), “Aris” (Gresiýa), “Botafogo” (Braziliýa), “Figueirense” (Braziliýa), “Rosario Sentrali” (Argentina), “Aukas” (Ekwador), “Sol de Amerika” (Paragwaý), “Sante Tekla” (Salwador), “Bangu” (Braziliýa), “Sentral Espanol” (Urugwaý), “Puerto Montt” (Çili), “Audaks Italiano” (Çili), “Magallanes” (Çili), “Rio Branko” (Braziliýa), “Boston Riwer” (Urugwaý), “Atletik Klub-MG” (Braziliýa) klublarynda oýnap, iň köp klubda oýnan oýunçy bolupdy. Öz rekordyny ösdüren futbolçy şertnama baglaşan klublarynyň käbirlerinde bir resmi duşuşyk hem geçirmedi.

Hiç bir klubda 3 möwsümi tamamlap görmedik Abreu iň köp “Botafogo” toparynyň köýnekçesini geýdi (93 oýun, 55 gol).Aglaba Latyn Amerika klublarynda oýnan Abreu Ýewropada-da “Deportiwo”, “Real Sosiedad”, Aris” ýaly toparlarda az wagtlyk hem bolsa oýnady.

Karýerasyna ýurdunyň “Defensor” toparynda futbola başlan Abreu 2-3 toparda iki döwür çykyş etdi.

Abreu 1996-2012-nji ýyllar aralygynda Urugwaýyň milli ýygyndysynda 70 oýunda 26 gol geçirdi.

The post 31-nji kluby bilen şertnama baglaşdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

31 klubda çykyş eden Abreu futbol bilen hoşlaşdy
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Nigeriýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodda Partlama Boldy
Argentinaly ýyldyz oýunçy karýerasyny tamamlaýar
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
Urugwaýly futbolçynyň 26-njy topary