Argentinaly ýyldyz oýunçy karýerasyny tamamlaýar

Argentinaly meşhur hüjümçi Gonzalo Higuain futbol karýerasyny tamamlajakdygyny habar berdi. 34 ýaşyndaky ýyldyz hüjümçi ABŞ-nyň çempionaty MLS-iň şu möwsüminiň tamamlanmagyndan soň professional karýerasyny bes etjekdigini mälim etdi.

Häzirki wagtda “Inter Maýami” toparynda çykyş edýän Higuain şu möwsümde 21 oýunda 14 gol geçirdi.Karýerasy boýunça “Riwer Pleýt” (20042007, 15 gol), “Real Madrid” (20062013, 121 gol), “Napoli” (20132016, 91 gol), “Ýuwentus” (20162020, 66 gol), “Milan” (201819, 8 gol), “Çelsi” (20182019, 5 gol) ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda çykyş eden futbolçy “La Ligada” 3 çempionlyk gazandy.

Higuain Argentinanyň ýygyndysynda-da 75 oýunda 31 gol geçirdi.Ol 2014-nji ýylda Dünýä Kubogynyň finalynda çykyş edipdi.Higuain “Inter Maýamide” 2,5 möwsüm çykyş edip, ol 68 oýunda 29 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Inzagiden soň Milanyň 9-njy belgisiniň keç ykbaly
“Real Madrid” bilen “Ýuwentus” finalyň bosagasynda
Çempion we wise-çempion çärýek finalda
Çempion bolan topardan 9 oýunçyny çagyrdy
Transfer täzelikleri