Transfer täzelikleri

“Barselona” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär.Katalonlar Italiýanyň “Sassuolo” toparynda çykyş edýän ganaly ýarymgoragçy Kewin-Prins Boatengi hataryna goşdy.Ispan topary “Bornmut”, “Milan”, “Şalke”, “Las Palmas” ýaly klublaryň köýnekçesini geýen Boatengi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine oýnadar. Şeýle-de “Barselona” Gollandiýanyň “Aýaks” toparyndan hem 21 ýaşyndaky ýarymgoragçy Franki de Ýongy 75+11 million ýewro transfer etdi. 5 ýyllyk şertnama baglaşan gollandiýaly oýunçy şu ýylyň 1-nji iýulynda “Barselonanyň” düzümine goşular.

Angliýanyň “Çelsi” topary Italiýanyň “Milanynda” kärendesine oýnaýan argentinaly hüjümçi Gonzalo Higuaini transfer etdi. Londonlylar 31 ýaşly hüjümçi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine şertnama baglaşdy. “Çelsi” topary tomusda oýunçyny ymykly transfer hem edip biler. “Milanda” 15 oýunda 6 gol geçiren Higuain şu wagta çenli “Riwer Pleýt”, “Real Madrid”, “Napoli” we “Ýuwentus” ýaly uly klublaryň köýnekçesini geýdi.

Fransiýanyň “Nissa” toparynda oýnaýan italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny ýurduň başga bir kluby “Marselde” dowam etdirer. 28 ýaşly oýunçy “Marsel” bilen möwsümiň ahyryna çenli degişli şertnama gol çekişdi. “Inter”, “Mançester Siti”, “Milan”, “Liwerpul” ýaly klublarda oýnan Balotelli möwsümiň 1-nji ýarymynda “Nissada” 10 gezek meýdança çykyp, 1gol hem geçirip bilmedi.

Gonzalo Higuaini “Çelsä” ugradan “Milan” topary onuň ornuny “Jenoanyň” polşaly hüjümçisi Kristof Piaket bilen doldy. 23 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 35 million ýewro deň bolup, ol 2023-nji ýylyň tomsuna çenli “Milanda” çykyş eder. “Jenoada” 19 oýunda 13 gol geçiren Piatek täze toparynda 19-njy belgili köýnekçäni geýer.

Ýene degişli makalalar

Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Mario Balotelli Berluskoniniň täze topary bilen şertnama baglaşdy
Inzagiden soň Milanyň 9-njy belgisiniň keç ykbaly
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Milli Türgen Ýewropanyň Çempiony Boldy