Mario Balotelli Berluskoniniň täze topary bilen şertnama baglaşdy

Italiýaly meşhur futbolçy, gopgunly hereketleri bilen tanalýan Mario Balotelli ýurduna dolandy.Ol Italiýanyň 2-nji ligasy bolan “Serie B”-niň “Monza” kluby bilen şertnama baglaşdy.Silwio Berluskoniniň eýeçiligindäki klub 30 ýaşy futbolçy bilen möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazandy.

Geçen möwsüm “Breşiýada” oýnan Balotelli 19 oýunda 5 gezek tapawutlanypdy.Monza klubunyň ýolbaşçylaryndan, “Milanyň” ozalky wise-prezidenti Adriano Galliani hem Balotelliniň topara gelmeginden hoşaldygyny belläp geçdi.Balotelli täze klubunda 45-nji belgili köýnekçäni geýer.

Ol ozalky topardaşy Kewin-Prins Boateng bilen bilelikde çykyş eder.Balotelli karýerasy boýunça “Inter”, “Mançester Siti”, “Milan”, “Liwerpul”, “Nissa”, “Marsel” ýaly toparlaryň köýnekçesini geýdi.

The post Mario Balotelli Berluskoniniň täze topary bilen şertnama baglaşdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Inzagiden soň Milanyň 9-njy belgisiniň keç ykbaly
Myhmanlaryň üstünligi
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi
Transfer täzelikleri