Myhmanlaryň üstünligi

UEFA Ýewropa ligasynda 2-nji tapgyryň ýa-da 1/16 finalyň birinji oýunlarynda aýratynam, myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazanyp, indiki tapgyra çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldular. 16 duşuşygyň 6-synda myhmanlar ýeňiş gazansa, 4 oýun hem deňlikde tamamlandy. “Milandyr” “Arsenal” degişlilikde, “Ludogores” hem-de “Estersund” toparlaryndan 30 hasabynda üstün çykdy. “Marsel” hem şol hasap bilen “Bragany” ýeňlişe sezewar etdi.

Bar ünsüni “Serie A-nyň” çempionlygyna gönükdiren “Napoli” esasy düzümindäki köp oýunçyny ätiýaçda oturdan duşuşygynda “Leipsigden” 31 hasabynda ýeňildi.Bilbaonyň “Atletigi” myhmançylykda Moskwanyň “Spartagyny”, “Lion” hem öz meýdançasynda “Wilýarrealy” 31 hasabynda utdy.

Tapgyryň iň çekeleşikli geçen oýnunda Moskwanyň “Lokomotiwi” myhmançylykda “Nissany” 32 hasabynda ýeňdi.Balotelliniň gollary bilen öňe saýlanan ýer eýeleri Koliniň 67-nji minutda gyzyl petek almagyndan soň, oýnuň depginini gaty gowşatdy. Şondan soň, hüjümlerini artdyran rus kluby portugaliýaly ýarymgoragçysy Manuel Fernandeşiň het-trigi bilen ýeňşini baýram etdi. Şol hasap bilen tamamlanan başga bir duşuşykda Dortmundyň “Borussiýasy” 90+1-nji minutda ýeňiş gazandy. Şürleniň goluna garşylyk Iliçiçiň pökgüleri bilen italýan topary öňe saýlandy. Ýöne täze transfer Batşuaýi täze klubunda gol geçirmegini dowam edýär. 65-nji we 90+1-nji minutlarda tapawutlanan belgiýaly hüjümçi dortmundlylara ýeňiş getiren oýunçy boldy. “Kopengagen” öz meýdançasynda Fişeriň goly bilen öňe çyksa-da, soňlugy bilen “Atletiko Madrid” 41 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Serbiýanyň ýygyndysy
Ikinji tapgyryň bijeleri
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň bijeleri çekildi
UEFA Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi