Birinjilik ugrunda ýiti göreş

Sançesden soň, ikinji futbolçy

Soňky 8 ýylyň çempiony “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Kaliarini” 40 hasabynda utdy.Oýunda 3 gol geçiren Kristiano Ronaldo täze ýyla diýseň şowly başlady.Ol häzirki wagtda “Interde” oýnaýan çilili Aleksis Sançesden soň, “La Ligada”, “Premier ligada” we “Serie A-da” het-trik eden 2-nji futbolçy boldy.

Galyberse-de, bu 3 gol Ronaldonyň karýerasyndaky 56-njy het-trik hökmünde hasaba alyndy.

3-nji orunda barýan “Lasio” myhmançylykda “Breşiýa” bilen duşuşdy. Ýer eýeleri 18-nji minutda Mario Balotelliniň goly bilen öňe saýlanandygyna garamazdan, rimliler ezber hüjümçisi Çiro Immobileniň 2 goly (42 p, 90+1) bilen ýeňşini baýram etdi.

Mundan öňki tapgyrda “Milany” 50 ýeňen “Atalanta” öz meýdançasynda “Parmany” hem şol hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.Bu oýunda-da Iliçiç 2 gezek tapawutlandy.

Öňdebaryjylaryň utuklary deňleşdi

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 19-njy tapgyrdaky duşuşyklaryň deň ýarysy deňlikde tamamlandy. Şolaryň birinde sanawyň öňdebaryjysy “Barselona” myhmançylykda şäherdeşi “Espanýol” bilen duşuşdy.Iň aşaky orunda barýan “Espanýol” 88-nji minutda hasaby deňlemegi başardy (22).

Başga bir ýerli derbide bolsa, “Real Madrid” myhmançylykda “Hetafeni” 30 hasabynda utdy.Gollaryň 2-sini Rafael Waran, beýlekisini-de Luka Modriç öz adyna ýazdyrdy.Bu tapgyrdan soň, “Barselonadyr” “Realyň” utuklary ýene-de deňleşip (40 utuk), olar 12-nji orunlary paýlaşýarlar. “La Ligada” 34-nji hatardaky toparlaryň hem utuklary deň bolup, “Atletiko Madrid” bu tapgyrda “Lewanteni” 21 ýeňdi. Öz meýdançasynda “Atletik Bilbao” bilen deňme-deň oýnan “Sewilýa” 4-nji basgançaga düşdi. “La Ligada” nobatdaky tapgyryň oýunlary 171819-njy ýanwarda geçiriler.

Italiýanyň çempionaty “Serie A-da” sanawyň öňdebaryjysy “Inter” myhmançylykda “Napolini” 31 hasabynda ýeňdi. Olara ýeňiş getiren gollaryň 2-sini Romelu Lukaku, beýlekisini-de Lautara Martines derwezä girizdi. Täze tälimçisi Jennaro Gattuso bilen 2-nji duşuşygynda-da utulan “Napoliniň” ýeke-täk pökgüsini Arkadiuş Milik öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Inter 1950-nji ýyldan bäri A Seriýada bir ýylda 100 gol geçiren ilkinji topar boldy
1100-nji gezek meýdança çykdy, Ronaldo toparyna ýeňiş getirdi
“Milan” ýeňlişsiz barýar, ýöne…
“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
Myhmanlaryň üstünligi