Inzagiden soň Milanyň 9-njy belgisiniň keç ykbaly

Habar / Seljerme

Futbolda oýunçylaryň belgileri käbirleri üçin o diýen ähmiýetli däl hem bolsa, juda köpler üçin örän möhüm zatlaryň biri bolup durýar.Her futbolçynyň meýdançadaky oýnaýan ýerlerine görä, belgileri bolup, derwezeçiler aglaba 1-nji, 12-nji, 13-nji belgileri saýlaýarlar. 23456-njy belgiler goragçylar hem-de ýarymgoragçylar üçin bolsa, 7891011-nji belgiler esasan öňde oýnaýan ýa-da toparyň hüjüm tarapyndaky futbolçylaryň isleg bildirýän belgileridir.

Elbetde, futbolyň taryhynda 10-njy belgili derwezeçä-de, 1-nji belgili ýarymgoragça-da, 2-3-nji belgili hüjümçilere-de gabat gelindi, wagtal-wagtal ýene-de duş gelinýär.Biziň bu gezekki gürrüňimiz şol belgileriň biri barada bolar.

Belginiň nä derejede futbolçynyň oýnuna oňaýly-oňaýsyz täsirini ýetirip-ýetirmeýändigi barada ylmy taýdan maglumat ýok.Mysal üçin Messiniň 10-njy belgiden başga belgide ýa-da Ronaldonyň 7-nji däl-de, aýdaly 8-nji belgide nähili oýun görkezjekdigini häzirlikçe anyk bilemzok.

Meniň pikirimçe, olaryň oýny köýnekçäniň belgisi bilen bagly dälmikä diýýärin. Ýöne biziň etjek bolýan gürrüňimizde welin, näme sebäpdendir, belginiň täsiri azda-kände duýulýar.

Dünýäniň öňdebaryjy futbol klublaryndan Italiýanyň Milan topary soňky iki möwsümde şowly netijeler gazanýar.Pandemiýanyň ýüze çykmagyndan bäri çempionaty öňdäki orunlarda tamamlap gelýän Milan geçen möwsümde kümüş medaly eýeledi we ençeme ýyldan soň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Topar transfer möwsüminde iki ýyldyz oýunçysyny tölegsiz elden giderdi.Derwezeçi Donnarummany PSŽ-e, ýarymgoragçy Çalhanogluny-da Intere aldyrdy.Düzümine Oliwie Žiru, Maýk Meýdan, Fode Ballo-Ture ýaly oýunçylary transfer etdi, Florenzi, Pellegri ýaly futbolçylary-da kärendesine aldy.

Milanyň täze transferleriniň arasynda iň meşhury Oliwie Žiru bolup, ol 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. 34 ýaşyndaky hüjümçi Milanyň düzüminde 9-njy belgili köýnekçäni geýer.Ine, şu makala hem şol 9-njy belgi barada bolar.

Soňky gezek Milanyň 9-njy belgisi bilen iň netijeli çykyş eden futbolçysy Filippo Inzagidir. Şondan soň bu belgä edil lagnat siňen ýaly boldy.Inzagiden soň, bu belgili köýnekçäni egnine geýen hiç bir futbolça-da gol geçirmekde iki sifrli görkezijä ýetmek başartmady, hatda käbirleri bir sifrli sanlaryň hem iň pesini görkezdi.

Inzagi hem soňky gezek 2008/09 möwsüminde 13 gol geçiripdi.Soňky 3 möwsümde bolsa ol pes netijeler görkezipdi.Muňa garamazdan, Inzagi 11 ýyllap göteren bu belgisiniň astynda Milanyň düzüminde Serie A-da 202 oýunda 73 gol geçirdi (umumylykda 300 oýunda 126 gol).

Onsuzam dürli sebäplere görä, ozalky güýjüni ýitiren we häzirki wagtda kem-kemden özüni dürsäp başlan Milanda Inzagiden soň gol geçirmekde iki sifrli görkezijä ýeten futbolçylaryň sany o diýen köp däl: El-Şaarawi, Pazzini, Balotelli, Menez, Bakka, Kutrone, Ibrahimowiç hem-de Kessie dagy Inzagiden soň, bir möwsümde 10 we 10-dan köp gol geçiren futbolçylardyr.

Inzagiden soň 9-njy belgili köýnekçäni Aleşandro Pato geýip (2012/13), ol bu belgide oýnan 4 duşuşygynda ýeke gezek hem tapawutlanyp bilmedi. Ýogsam braziliýaly futbolçy 7-nji belgide oýnan döwründe Serie A-da 113 duşuşykda 51 gol geçiripdi.

Elbetde, Patonyň pes netije görkezmeginde onuň şahsy durmuşyndaky wakalar bilen bir hatarda, alan şikesleriniň hem täsiri uly bolýar.Patodan soň Milanyň 9-njy belgisini Alessandro Matri geýýär.Milanyň ýaşlar düzüminde kemala gelen hüjümçä 2013/14 möwsüminde 15 oýunda 1 gezek tapawutlanmak başardýar.

Matriden soň, bu belgini ispaniýaly ýyldyz futbolçy Fernando Torrese geýmek miýesser edýär (kärendesine).Atletikoda, Liwerpulda, hatda Çelside milli çempionatlaryň çäginde 426 duşuşykda 167 gol geçiren oýunçy Milanda welin, 10 oýunda 1 goly adyna ýazdyrýar.

Milan 2014/15 möwsüminde Mattia Destrony Romadan kärendesine alýar.Adaty hüjümçiler ýaly 9-njy belgide oýnan Destro 15 duşuşykda diňe 3 gol geçirýär.Milana gelmezden öň Şahtýorda 2 oýunda 1 gol geçiren braziliýaly Luiz Adriano italýan klubunda 26 duşuşykda 4 gezek tapawutlanýar. 2016/17 möwsüminde asly italýan peruly hüjümçi Janluka Lapadula 27 duşuşykda 8 gol geçirýär.

Ol Inzagiden soň Milanyň iň köp gol geçiren 9-njy belgili futbolçysy bolýar.Milanyň Portodan uly umyt bildirilip transfer eden ýaş hüjümçisi Andre Silwanyň hem bu belgidäki ykbaly beýlekileriňkiden üýtgeşik bolmaýar.

Portoda hem-de Milandan soň giden klublarynda gol baryny geçiren Andre Silwa italýan toparynyň düzüminde 24 duşuşykda bary-ýogy 2 gezek tapawutlanýar.Andre Silwa Aýntrahtda 2 möwsümde 40 gol geçirip, şu tomusda-da Leipsigiň oýunçysy boldy.

Torresden soň tejribeli hüjümçileriň biri, oýnan klublarynda depeni gol bolan argentinaly Gonzalo Higuain hem bu şowsuzlykdan öz paýyna düşenini alýar. 2018/19 möwsüminde Milanda ýarym möwsüm kärendesine oýnan Higuain 15 oýunda 6 gol geçirýär. 2019/20 möwsüminde 9-njy belgili köýnekçe polşaly ýaş hüjümçi Kşyştof Pýontege berilýär.

Pýontegiň hem 9-njy belgidäki başdan geçirmesi şowsuz we gysga döwürlik bolýar. 2018/19 möwsüminiň ikinji ýarymynda Milana goşulan Pýontek 19-njy belgili köýnekçede 18 duşuşykda 9 gol geçirýär. Ýöne 9-njy belgide çykyş edip başlanyndan soň 18 oýunda 4 gezek tapawutlanýar.

Ahyrynda-da Herta toparyna transfer bolýar.

Milandaky 9-njy belgili köýnekçäniň soňky şowsuz futbolçysy-da Mario Manžukiç bolup, ol 10 duşuşykda ýeke gol hem geçirip bilmeýär.Hawa, häzirki wagtda bu täsin hasabaty ýöretmek gezegi fransiýaly hüjümçi Oliwie Žirunyň paýyna düşdi.

Ol özüniň 9-njy belgini ýörite saýlandygyny belläp geçdi.Onsuzam o diýen köp gol geçirmeýän fransiýaly hüjümçä Inzagiden soň 9-njy belginiň lagnatyny aýyrmak başardarmyka? Ýoldaşlyk duşuşyklarynda netijeli oýun görkezen Žirunyň Milandaky başdan geçirmesiniň nähili boljakdygyny diňe wagt görkezer.

Gazetiň sport synçysy.

Ýene degişli makalalar

“Milan” PSŽ-ni ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňdi
Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”
Ýene-de Stambul, ýene-de “Liwerpul”
Premier Ligada 34-nji ýerler ugrunda ýiti göreş
Sportuň taryhynda şu gün 30-njy sentýabr
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi