Transfer täzelikleri

Italýan futbolynyň gopgunly hüjümçisi Mario Balotelli 3 ýyldan soň, “Serie A” dolandy. “Marsel” topary bilen şertnamasy tamamlanan 29 ýaşyndaky oýunçy 8 ýyldan soň, ýokary liga gaýdyp gelen “Breşiýa” bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy.

Ol önüp-ösen şäheriniň adybir klubundan ilkinji ýyly üçin 2 million ýewro hak alar.Möwsümiň ahyrynda “Breşiýa” aşaky liga düşse, Balotelliniň şertnamasy ýatyrylar. “Lumezzede” futbola başlan Balotelli “Inter”, “Mançester Siti”, “Milan”, “Liwerpul” ýaly klublarda oýnanyndan soň, 2016-njy ýylda “Nissa” toparyna, şu ýylyň başynda-da “Marsele” transfer bolupdy.

Balotelli oýnan klublarynda 146 gol geçirdi.

Mundan 1,5 ýyl ozal, “Barselonanyň” 145 million ýewro “Liwerpuldan” transfer eden braziliýaly ýarymgoragçysy Filippe Koutinio karýerasyny “Bawariýada” dowam etdirer.Nemes kluby 28 ýaşyndaky Koutinio bilen 1 ýyllyk şertnama (kärendesine) baglaşdy.

Münhenliler 1 ýyllyk kärende üçin “Barselona” 8,5 million ýewro hem-de oýunçynyň degişli döwürdäki aýlygyny tölär.Möwsümiň ahyrynda “Bawariýa” Koutiniony ymykly transfer etmek islese, onda olar 120 million ýewro tölemeli bolar. “Inter”, “Espanýol”, “Liwerpul” klublarynda oýnan Koutinio “Barselonada” 75 duşuşykda 21 gol geçirdi.

Türkiýäniň “Trabzonspor” topary “Liwerpul” bilen şertnamasy tamamlanan angliýaly hüjümçi Daniel Starrij bilen düzümini güýçlendirdi.Garadeňizliler 29 ýaşly oýunçy bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdylar.Türk topary Starrije şertnama üçin 2, her ýyly üçinem 1,5 million ýewro tölär.

Professional karýerasyna 2006-njy ýylda “Mançester Sitide” başlan Starrij soňlugy bilen, “Çelsi”, “Bolton”, “Liwerpul” hem-de “West Bromwiç” klublarynda oýnady.Angliýanyň ýygyndysynda-da 26 duşuşykda 8 gezek tapawutlandy.

“Bawariýa bilen şertnamasy tamamlanan fransiýaly ýarymgoragçy Frank Riberi Italiýanyň “Fiorentina” toparynyň hataryna goşuldy. 36 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy florensiýalylar bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.Ol 2 ýylyň dowamynda 4 million ýewro hak alar. “Bulon”, “Ales”, “Brest”, Mets”, “Galatasaraý”, “Marsel” ýaly klublarda-da oýnan Riberi “Bawariýada” 11 ýyllap çykyş etdi.

Ol nemes klubunda 9-sy “Bundesliganyň” çempionlygy, jemi 24 kubok gazandy.

Italiýanyň “Inter” topary “Mançester Ýunaýtediň” belgiýaly hüjümçisi Romelu Lukaku bilen düzümini güýçlendirdi. Milan şäheriniň wekili 26 ýaşyndaky hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy 65+10 million ýewro diýlip kesgitlenildi. “Anderleht”, “Çelsi”, “West Bromwiç”, “Ewerton” we “Mançester Ýunaýted” klublarynda oýnan Lukaku şu wagta çenli bu toparlarda 413 duşuşykda 187 gezek tapawutlandy.

Möwsüme juda şowsuz başlan “Monako” topary “Lester Sitiniň” alžirli hüjümçisi Islam Slimanini, “Sewilýanyň” fransiýaly hüjümçisi Wissam Ben Ýedderi hem-de “Ewertonyň” nigeriýaly ýarymgoragçysy Henri Onýekuruny transfer etdi. Slimanini 1 ýyllygyna kärendesine alan “Monako” Ben Ýedder we Onýekuru bilen 5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Fransuz kluby Ben Ýedder üçin 40, Onýekuru üçin 15 million ýewro tölär.

Ýene degişli makalalar

“Barselonadyr” “Realyň” ilkinji ýeňlişi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
Myhmanlaryň üstünligi
Transfer täzelikleri
“El Klasikoda” “Barselona” öňe geçdi