35—nji film bolar

Dekabr aýynyň 21-inden bäri görkezilip gelinýän “Akwamen” (Aquaman) filmi girdejisini 1 milliard dollara golaýlatdy. 4 hepdede bu görkezijä ýeten kino prokatlardan 1 milliard dollar gazanan 35 kino bolar. “DC Comics” kompaniýasynyň önümi bolan film häzirki wagtda 970 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

Fantastik film muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan kinoda Jeýson Momoa, Ember Hörd, Willem Dafo, Patrik Wilson, Dolf Lundgren, Nikol Kidman, Ýahýa Abdul-Matin II ýaly artistler surata düşdi.Filme Jeýms Won režissýorlyk etdi.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Täze film
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Ember Herdi “Akwamen-2” filminden çykarmak barada 3 million adam ses berdi