4 toparyň hem 1/8 finala çykmak mümkinçiligi dowam edýär

Katarda dowam edýän 22-nji Dünýä Kubogynda “E” toparçada Ispaniýa bilen Ýaponiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 62-nji minutynda Alwaro Morata hasaby açdy.

Bu golda 21 minut soň, has takygy, 83-nji minutda oýna soň goşulan Niklas Füllkrug hasaby deňledi.Galan minutlarda-da iki topara hem hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, Germaniýanyň ýygyndysy çempionatdaky ilkinji utugyny gazandy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda 1-nji oýunda Ispaniýadan 7-0 utulan Kosta Rikanyň ýygyndysy Germaniýany 2-1 ýeňen Ýaponiýany 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Kosta Rikanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 81-nji minutda Keýşer Fuller geçirdi.

Bu netijelerden soň “E” toparçada Ispaniýa 4 utuk bilen 1-nji ýeri eýeleýär. 3 utukly Ýaponiýa 2-nji, Kosta Rika 3-nji basgançakda barýar. 4-nji orundaky Germaniýanyň 1 utugy bar. 4 toparyň hem ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýa bilen Ispaniýa 1/8 finala çykdy, ýöne tasdanam…
DÇ-2022: Germaniýa toparçalaýyn tapgyrda ýaryşdan çykdy
DÇ-2022: Ýaponiýa Kosta-Rikadan ýeňildi
Kosta Rikanyň düzümi mälim boldy
DÇ-2022: Horwatiýa ýeňiş gazandy, Ispaniýa Germaniýa bilen deň oýnady
Peleden soň Gawi, Ispaniýa gol bolup ýagdy