Aşgabatdaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri Seulda tälim aldylar

Aşgabatdaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri Seulda tälim aldylar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň innowasiýa we maglumat merkeziniň çäginde Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýeti guramasy bilen bilelikde döredilen Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri A.Hudaýgulyýewany we S.Amandurdyýewany Seul şäherine çagyryldy we 27-nji maý 8-nji iýun aralygynda Koreýanyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynda geçirilen maglumat elýeterliligi merkeziniň dolandyryjy okuw maslahatyna (2024 IAC Administrator Training Program) gatnaşdylar.

Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatyna 11 ýurtdan: Serbiýadan, Kosta Rikadan, Panamadan, Kolumbiýadan, Nigeriýadan, Ganadan, Butandan, Şri-Lankadan, Pakistandan, Özbegistandan, Türkmenistandan Maglumat elýeterliligi merkezleriniň wekilleri gatnaşdy.Okuw maslahatynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetleridir ylmy-gözleg merkezleriniň mugallymlary maglumat üpjünçiligi, emeli aň tehnologiýalary, maşyn arkaly öwrediş, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, şeýle hem maglumat elýeterliligi merkezleriniň netijeli dolandyrylyşyny meýilleşdirmek boýunça nazary hem amaly sapaklar geçirdiler.

2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda Iň gowy maglumat elýeterliligi merkezi diýen at 1-nji ýere mynasyp bolan Özbegistana berildi, Türkmenistan 2-nji ýeri eýeledi, Gana bolsa 3-nji ýeri aldy.

Maglumat elýeterliligi merkezleriniň işine baha berlende, esasy üns merkezleriň işiniň netijeleri barada hasabata, hödürlenýän hyzmatlar barada halk köpçüligine maglumat bermek we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýaly görkezijilere gönükdirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy
Aziýa oýunlary barada gysgaça…
Daşoguzda azyk we beýleki harytlaryň nyrhlary ýene-de ýokarlanýar, dollar 20 manatdan aşdy
11.03.2019 | Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda
Ýaponiýa bu gezek ýeňşe golaýlady