45 ýyl doldy

“Volkswagen” kompaniýasynyň iň köp öndüren modeli bolan “Golf”-yň döredilenine 45 ýyl doldy.Häzirki wagtda modeliň ýedinji nesli öndürilýär.Ulag 1974-nji ýylyň martynda Wolfsburgda öndürilip başlandy. Şol döwürde kompaniýanyň inženerleri bu modeli uly islegden peýdalanýan “Beetle” modeliniň tutuşlygyna täzelenen görnüşi hökmünde çykarypdyrlar.

Emma 1930-njy ýyllaryň ahyrynda satuwa çykarylan “Beetle” ulaglarynyň önümçiligini hem dowam etdiripdirler. 1960-njy ýyllarda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky satuwy rekord derejä ýeten “Beetle” özboluşly dizaýny hem-de hereketlendirijisiniň yz tarapynda bolmagy bilen tapawutlanypdy.

Nemes awtoulag ägirdi “Beetle”-yň şeýle ýokary netije gazanandygyna garamazdan, “Golf” ulagynyň motoryny öň tarapda ýerleşdirmegi makul bilipdirler.Bu ulagdan iki ýyldan gowrak wagtda bir milliony satylypdyr.Häzirki wagtda hem önümçiligi dowam edýän modeliň sekizinji nesli 25-nji oktýabrda tanyşdyrylar.

Ýene degişli makalalar

Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy
Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar
Saglyk — abatlyk
Iň gymmat sanly sungat eseri
“Salkyn Otagda” ýene bir arzanladyş çäresi başlady
2020-nji ýylyň iň gymmat transferleri