5 minutda zarýad berýän tehnologiýa

Hytaýyň “Geely” kompaniýasyna degişli “Viridi E-mobility Technology” şereketi gysga wagtda zarýad berip bolýan tehnologiýany taýýarlady. Bu tehnologiýa arkaly bäş minutda 300 kilometre ýetjek derejede zarýad berip bilýär. Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky iň uly meseleleriň biri hem zarýad bermegiň uzak wagt dowam etmegidir. Bu tehnologiýa durmuşa geçirilende elektroulaglaryň bazardaky ornunyň has-da berkemegine getirer.

“Viridi E-mobility Technology” (VREMT) şereketiniň tanyşdyran zarýad enjamynyň kuwwaty 600 kilowata barabar.Enjamyň häzirki wagtda önümçilige taýýar edildi.Emma häzirki elektroulaglaryň zarýad alyş ulgamy bu enjama gabat gelmeýär.

Bu enjam bilen 5 minut zarýad berlen ulag 300 kilometr ýol geçip bilýär.Enjamyň ähli synagdan geçirilendigi mälim edildi.Soňky ýyllarda gysga wagtda zarýad alýan tehnologiýalar taýýarlanýar. Şu ýylyň awgustynda “XPeng Motors” kompaniýasy kuwwaty 480 kilowat bolup, 5 minutda 200 kilometr ýol geçip bilýän tehnologiýany taýýarlandygyny mälim edipdi.

Nuh Agaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Geely awtoöndürijisi Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satyn aldy
Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär
Hytaýda dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelkany synagdan geçirdiler
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady