Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär

Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär

Hytaýyň Qingdao Relong Technology Co., Ltd. kompaniýasy Türkmenistanyň Hazar şäherçesindäki portunda çuňaltma işlerini geçirmek üçin ýene bir ýokary öndürijilikli gumsorujy enjamy gowşurdy. Bu barada hytaýyň internet neşiri habar berýär.

Enjamyň gelip gowuşmagy bilen geçiriljek has giň gerimli çuňaltma gazuw işleriniň netijesinde Hazar portunyň gämilere hyzmat edip bilijilik ukyby ýokarlanar. Relong 650 Model CSD atly gumsorujy enjamyň işleýiş ukyby sagatda 5000 kum metr/sagada barabar bolup, ol 20 metr çuňluga ýetmäge mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, Çeleken ýarymadasynda ýerleşýän Hazar şäherçesindäki deňiz portunda gämilere, esasan, Dragon Oil kompaniýasy tarapyndan gazylyp alynýan nebit ýüklenilýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda dünýäde ilkinji dolandyrylýan uçýan tarelkany synagdan geçirdiler
Tehnologik ösüşleriň iň uly sergisi
ABŞ-da hytaýly içaly 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Apple Hindistanda zawod gurar
IT- milliarderi Jek Ma fermer bolar
Ak Nesil bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär