ABŞ-da hytaýly içaly 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi

ABŞ-da hytaýly içaly 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi

2013-nji ýyldan "Illinois Institute of Technology" institutynda elektrik inženerçiligini okamak üçin ABŞ-na baran we ondan soň ABŞ-nyň goşunynyň Ätiýaçlyk harby güýçlerine goşulan hytaýly Dži Çaoukun 2018-nji ýylda tussag edilipdi.

31 ýaşyndaky Dži Çaoukun Hytaýyň Döwlet Howpsuzlyk ministrliginiň bir açylysy hökmünde bikanun ýagdaýda hereket etmek we ABŞ-nyň goşunyna ýalňyş maglumat bermek bilen bagly geçirilen kazyýet işiniň netijesinde 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Adalat ministrligi Dži Çaoukun içalylygynyň Hytaýyň razwedkasynyň ABŞ-nyň kärhanalary tarapyndan özgerdilen awiasiýa we älem tehnologiýalaryna elýeterliligi ýola goýmak tagallasynyň bir bölegidigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Tehnologik ösüşleriň iň uly sergisi
Baýraktar TB2 2023-nji Ýylyň Täze Eýýam Tehnologiýalaryndan Biri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär