Baýraktar TB2 2023-nji Ýylyň Täze Eýýam Tehnologiýalaryndan Biri

Baýraktar TB2 2023-nji Ýylyň Täze Eýýam Tehnologiýalaryndan Biri

“Baýkar” firmasynyň Baş müdiri Haluk Baýraktar Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Dünýäniň esasy tehnologiýa žurnallaryndan biri bolan “MIT Technology Rewiew” milli ýaragly uçarmansyz howa ulagymyz “Baýraktar TB2-ni” 2023-nji ýylyň täze eýýam tehnologiýalarynyň hatarnda görkezdi” diýip ýazdy.

“MIT Technology Rewiew” žurnalynyň internet sahypasynda “Baýraktar TB2” ýaly türk önümi uçarlaryň, dronlaryň söweşde eýeleýän pozisiýasyny giňeldendigini beýan edilýär.

Žurnalyň elektron neşrinde “Baýraktar TB2” hakynda; “TB2” ýuwaş uçýan bednde jemlenen, ýeterlik derejede ýokary enjamlardan ybarat bolan kolleksiýa. Sagatda 138 mil tizlige ýetýär we 186 millik aragatnaşyk ulgamyna eýe. “Baýkar, 27 sagat yzgiderli uçmaga ukyply.

Emma “TB2” ýerdäki beketleri bilen wideo ýazgylary ýetirýän kameralary bilen birleşende hem ganatlarynda göterýän lazer bombalary nyşana ugrukdyrmak hem-de ýerden artilleriýa hüjümlerini ugrukdyrmaga ukyply güýçli ulaga öwrülýär”.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Azerbaýjan, Baýraktar TB2-ler Bilen Harby Türgenleşik Geçird
Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar