Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Kanal Stambul taslamasyny ir ýada giýç durmuşa geçireris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiyäniň Kagythane-Stambul howa menzili metro liniýasy bilen metro gurluşyndaky güýjüni we başarnygyny bütin dünýä subut edendigini aýdandygyny habar berýär.

Gara deňizi Ortaýer deňizi bilen birleşdirjek Kanal Stambul taslamasynyň ir ýa-da güýç durmuşa geçiriljekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Bosfor bogazynyň ýüküni ýeňilleşdirer, Stambulyň gymmadyny artdyrar" diýip belledi.

Sabah gazedi: "Ýigrenç bilen bagly jenaýata garşy bir ses" söz başyly habarynda, Şwesiýada Gurhana garşy guralan haýyn hüjümiň Türkiyäni aýaga galdyrandygyny beýan edýär. Şwesiýanyň Stambul şäherindäki baş konsullyk binasynyň öňüne gara çemen goýuldy, Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaşyň çagyryşyna laýyklykda millionlarça adam ýurt derejesindäki 90 müň metjitde bir ýere jemlenip, Gurhan diňlediler, doga etdiler.

Ýeni Şafak gazedi: "Ali Erbaş: Mukaddes kitaba söweşde hem el degrilmez" söz başyly habarynda, Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaşyň, Şwesiýada Gurhana garşy guralan haýyn hüjüm bilen bagly: "Gurhan diňe musulmanlara ugradylan bir kitap däl, bütin adamzada ugradylan bir kitap" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ali Erbaş söweşde hem mukaddes kabul edilýän kitaplara el degrilmändigini nygtady.

Haber Türk gazedi: "Çelik: Şwesiýa adamzada garşy edilen jenaýata şärik boldy" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, Gurhanyň Şwesiýada ilçihananyň öňünde ýakylmagy bilen baglanşykly: "Şwesiýa adamzada garşy edilýän haýyn aksiýa rugsat berdi.

Ol söz azatlygy däldir, ähli adamzat gymmatlyklaryna garşy duşmançylykly bir çemeleşmedir. Şwesiýanyň resmileri adamzada garşy edilen jenanaýat hökmünde kabul edilýän aksiýa şärik boldy" diýendigini aýan edýär.

Star gazedi: "Baýraktar TB2 Reaper-den geçdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-leriň dünýä belli Massaçusets tehnologiýa uniwersitediniň garaşsyz ýaýlym organy "MIT Technology Review" žurnaly tarapyndan 2023-nji ýylyň üstünlikli tehnologiýalarynyň arasynda görkezilendigini habar berýär. Žurnal Baýraktar TB2-leriň Reaper ýaly amerikan önümi bolan uçarmansyz howa ulaglaryna garanyňda has köp isleg bildirilýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türk: Gurhana Edilýän Äsgermeçilikleri Kabul Edilmesiz
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
Pakistan Gollandiýada Gurhana Edilen Äsgermezçiligi Ýazgardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny