Tehnologik ösüşleriň iň uly sergisi

Pandemiýa sebäpli iki ýyllap onlaýn geçirilen dünýäniň iň uly elektron enjamlary sergisi bu ýyl adaty usulda geçirilýär.Sarp ediji tehnologiýa sergisi (CES/Consumer Technology Show) geçen ýyl hem adaty usulda geçirilipdi, emma kompaniýalar az sanly harydyny görkezipdi.

Bu ýylky sergide bolsa tehnologik önümleriň iň soňky görnüşleriniň görkezilmegine we has köp myhmanyň gelmegine garaşylýar.ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde 3-nji ýanwarda žurnalistler üçin elýeterli bolan sergi 5-nji ýanwarda halk köpçüligi üçin gapylaryny giňden açdy. 8-nji ýanwara çenli dört gün dowam edýän gözden geçirilişde telewizor, kompýuter, awtoulag tehnologiýalary, 5G, robotlar, dronlar, kosmos tehnologiýasyna degişli enjamlar, smartfonlar we beýleki mobil enjamlar, kriptopul birlikler, blokçeýn zynjyry ýaly tehnologiýa diýlende göz öňüňe gelip biljek ähli zat görkezilýär.

Halkara serginiň bu ýylkysyna gatnaşýan kompaniýalaryň 322-si iň gurply kompaniýalaryň sanawyny düzýän Fortune 500 sanawyna girýär.Bu ýerde 41 kategoriýada tehnologiýa önümleri we hyzmatlary görkezilýär.Sergä jemi 173 ýurtdan dürli kompaniýalar gatnaşýar.

Sergide, esasan, eplenýän mobil enjamlara we hyýaly hakykat tehnologiýasyna gyzyklanmanyň ýokary bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody KOMEA bilen 42 million dollarlyk şertnama baglaşdy
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
"Balkan" gämi gurluşyk Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen gämi gurup başlar
“Balkan” gämigurluşyk zawody “KOMEA” bilen $42 millionlyk şertnama baglaşdy
Türkmendeňizderýaýollary agentligi kanton halkara sergisine gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar