Geely awtoöndürijisi Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satyn aldy

Geely awtoöndürijisi Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyny satyn aldy

Geely awtoöndürijisine degişli bolan Xingji Times kompaniýasy Meizu smartfon brendini resmi taýdan satyn aldy. Ol geljekki meýilnamalaryň käbirlerini aýan etdi diýip, ferra.ru habar berýär.

Indi Xingji Times kompaniýasyna Meizu-nyň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 79,09% degişli.Satyn alnandan soň Hytaýyň smartfon öndürijisiniň top-menejmenti öňküligine galar. Ýöne Xingji Times-iň wise-başlygy Şen Szýuý indi Meizu Technology-nyň hem başlygy bolar.

Beýleki bir tarapdan, Huan Çžipan henizem brendiň baş direktorydyr.Bellenilişi ýaly, Meizu öňküsi ýaly garaşsyz brend hökmünde işlär. Şeýle-de, kompaniýa 2023-nji ýylda täze flagman smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär.

Häzirlikçe bu barada jikme-jik maglumat ýok.

Ýene degişli makalalar

5 minutda zarýad berýän tehnologiýa
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar