50 ýyldan soň gatnaşyp, ýeňiş gazandy

Dünýäniň iň kyn ýaryşlarynyň biri bolan “Le Man 24” sagat awtoulag bäsleşiginde “Ferrari” topary ýeňiş gazandy. 50 ýyldan soň “Le Man 24” ýarşyna gatnaşan “Ferrari” toparynyň adyndan Alessandro Pier Judi, Jeýms Kalado hem-de Antonio Jowinazzi bäsleşdi.

Berdaşlylyk Dünýä çempionatynyň çäginde geçirilýän ýaryşda “Ferrari AF Corse” toparynyň sürüjileri hiper awtoulag görnüşi boýunça 51-nji belgili ulag bilen 24 sagadyň dowamynda 342 aýlawy tamamlamagy başardy. 50 ýyldan soň “Le Man 24” sagat ýaryşyna gatnaşan “Ferrari” topary 5 ýyldan bäri ýeňiş gazanyp gelýän “Toyota” toparynyň bu üstünligini soňlandyrdy. Ýaryşda 2-nji ýeri ýeňijiden 1 minut 21,793 sekunt yza galan “Toyota” toparynyň sürüjileri Sebastian Buemi, Brendon Hartli hem-de Rýo Hirakawa dagy 2-nji ýeri eýeledi.

Irl Bamber, Aleks Linn hem-de Riçard Westbruk dagynyň erk eden “Cadillac” toparynyň 2-nji belgili ulagy 24 sagatda 341 aýlawy tamamlap, 3-nji orna mynasyp boldy.

“Le Man 24” sagat ýaryşy şu ýyl 91-nji gezek geçirilip, ol ilkinji gezek 100 ýyl guralypdy. Ýubileý ýylynyň bolmagy mynasybetli ýaryşyň başlangyç dabarasyna amerikaly meşhur basketbolçy LeBron Jeýms hem gatnaşyp, ol bäsleşigiň başlandygyny yşaratyny berdi. Ýaryş Fransiýanyň Le Man şäherindäki De La Sarte trassasynda geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 29-njy aprel)
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
“Time” ýylyň türgenini saýlady
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
Aşgabatda türkmen-italýan pianinoçylarynyň konserti geçiriler