Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär

Dünýä belli ykdysady neşir bolan Forbes žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleriň sanawyny mälim etdi.Sanawyň başyny ýanwar aýynda ýarym milliard dollarlyk şertnama bilen Saud Arabystanyna transfer bolan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo eýeleýär. 38 ýaşyndaky oýunçy 136 million dollarlyk gazanjy bilen sanawyň başyny çekýär.

Ronaldodan 6 million dollar az gazanan argentinaly super ýyldyz Lionel Messi 130 million dollar bilen 2-nji ýeri eýeleýär.Sanawyň 3-nji basgançagynda-da PSŽ-niň başga bir super ýyldyzy, fransiýaly Kilian Mbappeniň ady bar.

Ol 120 million dollar gazanç edipdir. Öňdäki 3 orny eýeleýän futbolçylardan soň sanawyň 4-njisi amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms bolup, 119,5 million dollarlyk girdeji gazanmagy başardy.Meksikaly boksçy Kanelo Alwares 110 million dollar bilen 5-nji bolan sanawynda amerikaly golfçular Dastin Jonson 6-njy, Fil Mikelson 7-nji ýeri eýeleýär.

Olar degişlilikde, soňky 12 aýyň dowamynda 107 we 106 million dollarlyk girdeji gazanypdyr.Amerikaly basketbolçy Stefen Körri 100,4 million dollar bilen 8-nji, şweýsariýaly ozalky tennisçi Rojer Federer 95,1 million dollar bilen 9-njy ýeri eýeledi. Ýyldyz basketbolçy Kewin Durant 89,1 million dollarlyk girdejisi bilen ilkinji onlugy jemleýän türgen boldy.

Kewin Durant (basketbol) 89,1 million dollar

Rojer Federer (tenis) 95,1 million dollar

Stefen Körri (basketbol) 100,4 million dollar

Fil Mikelson (golf) 106 million dollar

Dastin Jonson (golf) 107 million dollar

Kanelo Alwares (boks) 110 million dollar

LeBron Jeýms (basketbol) 119,5 million dollar

Kilian Mbappe (futbol) 120 million dollar

Lionel Messi (futbol) 130 million dollar

Kristiano Ronaldo (futbol) 136 million dollar

Ýene degişli makalalar

10 ýyllygyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
NBA-da çempion üýtgemedi
“NBA All Star” şüweleňi
LeBron we onuň ýoldaşlary
NBA-nyň iň girdejili BASKETBOLÇYLARY
Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleri