5G abunaçylarynyň sany milliarddan geçer

Aragatnaşyk enjamlaryny öndürýän Ericsson kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, şu ýylyň ahyryna çenli dünýäde 1 milliard abunaçy 5G hyzmatyndan peýdalanyp başlar. 2027-nji ýylda bu görkezijiniň 4,4 milliarda ýetmegine garaşylýar. Şwed kompaniýasynyň telekommunikasiýa pudagyna degişli taýýarlan Ericsson Mobilite atly maglumatynda 5G, mobil maglumatlar we jisimleriň interneti (IoT) barada habar berilýär.

Maglumatnamada mobil maglumatlaryň geçirilişi soňky iki ýylyň dowamynda iki esse artypdyr.Munuň sebäbi hökmünde smartfon ulanylyşynyň köpelmegi, internet tizliginiň ýokarlanmagy we senagatyň sanly ulgama geçmegi görkezilýär.Geçirilen barlaglar bu artyşyň dowam etjekdigini görkezýär.

Ericsson-yň çaklamasy dogry çykan ýagdaýynda dünýä ilatynyň dörtden bir bölegi internet aragatnaşygynyň 5-nji neslinden peýdalanar. Şu ýylyň birinji çärýeginde 5G abunaçylarynyň sany 70 million köpelipdir.Maglumatnamada bellenilişine görä, 2027-nji ýylda dünýä ilatynyň dörtden üçüne 5G hyzmaty elýeterli bolar.

Demirgazyk Amerikada 5G hyzmatyna elýeterlilik geçen ýyl 20 göterim bolan bolsa, 2027-nji ýylda 90 göterime ýetmegine garaşylýar.Günbatar Ýewropada 6 göterim bolan bu görkeziji ýene-de 5 ýyldan 82 göterime ýeter.

Degişli döwürde bu görkeziji Aýlag ýurtlarynda 9 göterimden 80 göterime, Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynda 74 göterime ýeter.Häzirki wagtda 5G hyzmaty ýola goýulmadyk Hindistanda 2027-nji ýyla çenli abunaçylaryň 40 göterimi 5G-li bolar. 2027-nji ýylda 4,4 milliard adam 5G hyzmatyndan peýdalanar.Maglumatnamada 2021-nji ýylda Jisimleriň internetiniň 4G we 5G-de ulanylyşynyň 2G we 3G-den geçendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Elektromobil önümçiligi giňeldiler
Bäsdeşlerinden ozdurar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Şwed kompaniýasynyň täze sanawy
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Demirgazygyň Wenesiýasy Stokgolm