6-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

6-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda öňde boljak çäreler we ýurdy ösdürmegiň meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, gün tertibine daşary söwda düzgünleri we maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler, gurluşyk, ýangyç-energetika, medeniýet we maglumat tehnologiýalary ýaly ulgamlar boýunça iş meýilnamalary girizildi.

Öňde boljak çäreler

Ykdysadyýet

Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlaýarlar. Olar bu resminamany taýýarlamak bilen bagly meseleleri Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileri we Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleri bilen geçiren iş duşuşygynda ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Meýilnamalarda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün etmek, döwrebap sanly tehnologiýalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy gurlar.

Ýangyç-energetika toplumy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň düzümlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ýaş hünärmenleri ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmek we hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmek göz öňünde tutulýar.

Medeniýet

Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýär. Medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.

Azerbaýjanda, ABŞ-da, Özbegistanda, Ýaponiýada, Koreýada, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Türkiýede, Eýranda, Ermenistanda, Rumyniýada, Pakistanda, Hindistanda, Ukrainada, Germaniýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler guraldy.

Parlamentiň işi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Mejlisiň deputatlary tarapyndan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okaýan diňleýjileriň nazary okuwlarda alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmek maksady bilen, önümçilik-tejribe okuw sapaklary geçirildi.

Maglumat tehnologiýalary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi kiberhowpsuzlygy berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy
26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
7-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenligine saýlananyna iki ýyl doldy