Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenligine saýlananyna iki ýyl doldy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenligine saýlananyna iki ýyl doldy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlananyna iki ýyl doldy. Bu barada TDH ýatlap, ýurduň soňky döwürde gazanan üstünliklerine ünsi çekdi.

Geçen iki ýylyň dowamynda ýurtda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýet durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Türkmenistanyň halkara abraýy belende göterilýär.

Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” aesasy maksady sanly özgertmelerden we innowasiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýangyç-energetika pudagynda TOPH we TOP ýaly möhüm sebit taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň sebitlerinde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini kemala getirmek, şäher we oba ýerlerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän toplumlaýyn düzümleri döretmek döwlet Baştutanynyö hemişelik üns merkezinde saklanýar hem-de telekeçilere giň goldaw berilýär. Netijede iki ýylyň içinde ägirt uly taslama — geçen ýylyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň gurluşygy amala aşyryldy.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
7-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
6-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
26-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
ABŞ, Siriýadaky Merkezlerine Goşmaça Esger we Harby Enjam Ugratdy
Türkmenistanda doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýa işleriniň goralyşy 156 göterim artdy