77-nji Wenesiýa film festiwalynyň dalaşgärleri

Dünýäniň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa film festiwaly şu ýyl 77-nji gezek gapylaryny giňden açar.Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň kölegesinde geçiriljek festiwal bu ýyl 212-nji sentýabr aralygynda guralar.

Festiwalyň tapawutlananlaryny saýlajak eminlere oskarly meşhur aktrisa Keýt Blanşett baştutanlyk eder.Eminler toparyny britaniýaly režissýor, ssenariçi Joanna Hogg, germaniýaly režissýor Kristian Petzold, rumyniýaly režissýor Kristi Puiu, awstriýaly režissýor Weronika Franz, italiýaly ýazyjy Nikola Lajioia, fransiýaly aktrisa Ludiwin Sanier dagy düzýär.

10 günläp dowam etjek festiwalda baş baýrak Altyn ýolbars baýragy ugrunda 18 film sanawa alyndy. Olaryň arasynda meşhur režissýorlar italiýaly Janfranko Roziniň, russiýaly Andreý Konçalowskiniň, eýranly Majid Majidiniň, polşaly Malgožata Şumowskanyň soňky filmleri bar.

Baş baýragyň dalaşgär filmleri we olaryň režissýorlary:

Ertir bütin dünýä (Und morgen die ganze Welt) — Ýulia won Hainz (Germaniýa)

Gadyrly ýoldaşlar (Dorogiýe towarişi) — Andreý Konçalowski (Russiýa)

Şägirt (The Disciple) — Çaitanýa Tamhane (Hindistan)

Ölüm arasynda (The Between Dying) — Hilal Baýdarow (Azerbaýjan)

Laila Haýfada (Laila in Haifa) — Amos Gitai (Ysraýyl)

Söýgüliler (Amants) — Nikol Garsiýa (Fransiýa)

Hanym Marks (Miss Marx) — Suzanna Nikkialelli (Italiýa)

Mundan soň, gar ýagmaz (Sniegu juz nigdy nie bedzie) — Malgožata Şumowska (Polşa), Mihal Englert (Germaniýa)

Çarwadarlar diýary (Nomadland) — Hloýa Çžao (ABŞ)

Gije (Notturno) — Janfranko Rozi (Italiýa)

Täze düzgün (Nuevo Orden) — Mişel Franko (Meksika)

Biziň atamyz (Padre Nostro) — Klaudio Noçe (Italiýa)

Zenan aksessuarlary (Pieces of a Woman) — Kornel Mundrusio (Wengriýa)

Nirä barýaň Aida? (Quo Vadis, Aida?) — Ýasmila Žbaniç (Bosniýa we Gersegowina)

Uýalar Makaluzo (Le sorelle Macaluso) — Emma Dante (Italiýa)

Günüň çagalary (Horshid) — Majid Majidi (Eýran)

Jansyzyň zenany (Supai no tsuma) — Kiýoşi Kurosawa (Ýaponiýa)

Geljekki dünýä (The World to Come) — Mona Fastwold (ABŞ)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Takht-e Rawançi: Eýran ýadro ylalaşygy üçin gaty gymmat töledi, indi ABŞ we Ýewropanyň nobaty
Yrakda protestçilere od açyldy
Eýran, Ysraýyl režimini we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasyny çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna goşmaýandygy üçin tankytlady
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Ysraýyl resmilerini uruş jenaýatçylary hökmünde jogapkärçilige çekmegiň zerurlygy