8-nji awgustda Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbi tutular

8-nji awgustda Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbi tutular

8-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow bu düzümleýin desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Ýeri gelende bellesek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda gol çeken Kararyna laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Resminamada gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümi ösdürilýär
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy