Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümi ösdürilýär

Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji awgustda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň TürkmenbaşyGarabogazGazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gadymyýetden bäri yklymara geçelgeleriň çatrygynda çäk taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de ägirt uly üstaşyr ulag kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýän, ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzümiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine dikuçarda gelen döwlet Baştutanymyzy köp sanly dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.Soňra hormatly Prezidentimiz şanly waka mynasybetli ýörite gurnalan bina barýar hem-de awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşýar.

Bu ýerde Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurluşygynda ulanyljak kuwwatly tehnikalary-da görmek bolýar.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de şekil taslamalarynyň üsti bilen Diýarymyzyň halkara ulag geçelgeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.Bu ýerde goýlan şekil taslamalaryndan, kartalardan we çyzgylardan görnüşi ýaly, DemirgazykGünorta hem-de GündogarGünbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär.Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpriniň gurulmagy DemirgazykGünorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini artdyrar.Bu taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Dorožnoýe stroitelstwo Altkom jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine ynanyldy.Şekil taslamalarynda potratçynyň täze köpriniň gurluşygynda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy görkezilýär.

Aýratyn-da, TürkmenbaşyGarabogazGazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän ugurdaş desgalar barada hasabat berildi. Şolaryň hatarynda sürüjiler we ýolagçylar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat ediş merkezleri, awtobus duralgalary, ulaglaryň agramyna hem-de ölçegine gözegçilik etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam, yşyklandyryjylaryň, ýol belgileriniň görnüşleri bar.Hormatly Prezidentimiz täze köpriniň DemirgazykGünorta ugrunyň möhüm bölegine öwrüljekdigini, onuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli boljakdygyny belläp, gurluşyklaryň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna girdi hem-de özi üçin ýörite bellenilen ýere geçdi.

Hormatly Prezidentimize söz berilýär.Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu günki wakanyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýene bir möhüm ähmiýetli desga bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagynyň taryhy ähmiýetini belledi.

Amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda onuň täzeçil esasda dikeldilmeginde wajyp orun eýeleýär.

Ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşi sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Häzirki zamanyň barha ösýän talaplaryny nazara almak bilen, Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze, döwrebap awtomobil köprüsini gurmak maksadalaýyk hasaplandy. Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, TürkmenbaşyGarabogazGazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan, ikitaraplaýyn gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan Dorožnoýe stroitelstwo Altkom jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder.Bu giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy Ýewropadan Merkezi Aziýa, Merkezi Aziýadan Ýewropa çenli ýükleri we ýolagçylary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üznüksiz gatnatmaga has amatly şertleri üpjün eder.Deňiz ýakasynyň hem-de Garabogazkölüň baý tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, bu ýerleriň geografik ýagdaýlaryny öwrenip, netijeli ulanmaga ýardam berer. Şeýle-de, syýahatçylaryň Türkmenbaşy şäherinde we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda döredilen şypahana-dynç alyş desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döreder.

Soňra Altkom maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko söz berilýär.Daşary ýurt kompaniýasynyň ýolbaşçysy ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň daýanjy diýlip ykrar edilen ajaýyp ýurt hasaplanýan Türkmenistan bilen 2009-njy ýylda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň taryhy barada aýdyp, şu ýyllaryň içinde TürkmenabatFarap awtomobil köprüsiniň, TürkmenabatFarap demir ýol köprüsiniň, KerkiKerkiçi awtomobil köprüsiniň, degişlilikde, KerkiYmamnazar ugry boýunça iki demir ýol köprüsiniň, Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluşyklarynyň taslamalaryny durmuşa geçirendiklerini belledi.Soňra dabara gatnaşyjylara nobatdaky möhüm düzümleýin desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Ol täze awtomobil köprüsiniň tehniki häsiýetnamalary hem-de ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, goňşy ýurtlar bilen üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bu desganyň ägirt uly ähmiýeti barada maglumat berýär.Soňra ýaşajyk nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizden täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna ak pata bermegini hem-de şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgysyny ýörite guta ýerleşdirýär.Soňra hormatly Prezidentimiz köpriniň düýbüniň tutuljak ýerine barýar.Ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz awtomobil köprüsiniň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenip ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýberýär hem-de desganyň binýadyna pil bilen beton erginini guýup, gurluşyga badalga berýär.

Ýene degişli makalalar

8-nji awgustda Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbi tutular
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy