80 göterimi elektroulag

Ýewropanyň nebit-gaz gorlaryna baý ýurdy bolan Norwegiýa dünýäde jan başyna iň köp elektroulag düşýän ýurt hasaplanýar. Geçen ýyl ýurtda satylan her bäş ulagyň dördüsi elektrik energiýasy bilen işleýär. Norwegiýanyň Gara ýollary federasiýasynyň resmi maglumatlaryna görä, Tesla yzly-yzyna ikinji ýyl iň köp elektroulag satan brend boldy.

Norwegiýa 2025-nji ýyla çenli benzin we dizel awtoulaglarynyň satuwyny ýatyran ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär.Bu maksada ýetmek üçin bolsa, elektroulag eýeleri salgytlardan boşadylýar.On ýyl ozal ýurtda satylýan ulaglaryň 2,9 göterimini elektroulaglar emele getiren bolsa, bu görkeziji 2021-nji ýylda 65 göterime, geçen ýyl bolsa, 79,3 göterime ýetdi.

Brendler hasaba alnanda, Tesla (12,2 göterim) we Volkswagen (11,6 göterim) öňdeligi eýeleýär. Ýurtda iň köp satyn alnan ulag Tesla-nyň Model Y modeli bolup, ikinji ýeri Volkswagen ID.4, üçünji orny Skoda Enyaq eýeleýär.

Baýrammuhammet ATANEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Tesla-nyň bazary ösýär
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
“Car of the Year-2022” bäsleşiginiň finalçylary kesgitlendi
Ilkinji “iPhone” rekord bahadan satyldy