9-njy dekabrda Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler

9-njy dekabrda Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler

Kamerata Aşgabat döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Gyşyň ýyly aýdym-sazlary atly konserte çagyrýar.

Konsert Aşgabat şäherindäki Watan kinokonsert merkezinde şu ýylyň 9-njy dekabrynda geçiriler.

Konsertiň dowamynda ýerine ýetiriljek her bir çykyş kirişli saz gurallarynyň ajaýyp owazy bilen sazlaşyp, tomaşaçylaryň ruhuny göterer.

Konsertde Leýli Ökdirowa, Begenç Moşşyýew, Döwran Şammyýew hem-de Guwanç Şammyýew dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirerler.

Konsert 18:00-da başlanar. Konserte gatnaşmak üçin petekleri +99363-20-60-40, +99361-72-78-63 telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz.

Gyş — tüýs aýdym-saz täsirleriniň döwri. Halaýan toparyňyz tarapyndan janly sesde ýerine ýetiriljek aýdym-sazlar size howanyň sowuk günlerinde hem ýylylyk bagyşlar. Bu ugurda Kamerata Aşgabat toparynyň konserti diýseň peýdaly bolar.

Ýene degişli makalalar

Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler
Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Türkmenistanyň sungat ussatlary Wenada gala konsertini geçirdiler
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler