Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler

Kamerata Aşgabat döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Gyşyň ýyly aýdym-sazlary atly konserte çagyrýar.

Konsert Aşgabat şäherindäki Watan kinokonsert merkezinde 9-njy dekabrda geçiriler.

Konsertiň dowamynda ýerine ýetiriljek her bir çykyş kirişli saz gurallarynyň ajaýyp owazy bilen sazlaşyp, tomaşaçylaryň ruhuny göterer.

Konsertde Leýli Ökdirowa, Begenç Moşşyýew, Döwran Şammyýew hem-de Guwanç Şammyýew dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirerler.

Konsert 18:00-da başlanar. Konserte gatnaşmak üçin petekleri +99363-20-60-40, +99361-72-78-63 telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
9-njy dekabrda Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler
Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Türkmenistanyň sungat ussatlary Wenada gala konsertini geçirdiler
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler