Aamir Khanyň täze filmi şowsuzlyga uçrady

Aamir Khanyň täze filmi şowsuzlyga uçrady

Bolliwudyň ýyldyzy, aktýor we režissýor Aamir Khanyň Laal Singh Çadda atly täze filmi geçen hepdede Hindistanda prokata çykanyndan bäri garaşylan netijäni gazanyp bilmedi, filmiň ýitgi çekmegi bile baglylykda, Aamir Khanyň distrubýuterlere çekilen zyýanyň öwezini dolmakçydygyny bollywoodlife.com saýty ýazýar.

Habarda aktýoryň filmiň şowsuzlygyna garaşmandygy we internetde giňden ýaýran garşylygyň filmiň prokatyna ýaramaz täsir edendigine ynanyp bilmeýändigi, onuň öz muşdaklaryna ynanandygy bellenýär. Hatda emele gelen ýagdaýyň onuň saglygyna hem güýçli zeper ýetirendigi aýdylýar.

Aamiriň Golliwudda aktýor Tom Henksiň baş keşbi janlandyran meşhur Forrest Gamp filminiň hindi nusgasy bolan Laal Singh Çaddany aňrybaş derejede gyzykly etmek üçin yhlas siňdirendigi habarda bellenýär.

Bu şowsuzlygyň esasy sebäbi Laal Singh Çadda atly filmiň treýleri resmi çap edilen dessine uly tankyda duçar boldy. Munuň netijesinde tomaşaçylar filme tomaşa etmek üçin kinoteatrlara barmadylar.

Ýene degişli makalalar

Tom Henks Forrest Gampyň üstünlik gazanjakdygyna ynanmandyr
Goşunyň Baş Serkerdesi: Biz duşmanlaryň howplaryny jogapsyz goýmarys
Eýranyň harby ýolbaşçysy: Trampyň we Netanýahunyň "hemlelerine" degişli gaýtawul görkeziler
Eýran Ali Larijaniniň öldürilmeginiň aryny aljakdygyny aýtdy
ABŞ bilen Ysraýylyň guran hüjümlerinde öldürlen Larijani bilen Süleýman soňky ýoluna ugradylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi