Abbas Gollandiýanyň we Awstraliýanyň Premýer-Minisreleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Abbas Gollandiýanyň we Awstraliýanyň Premýer-Minisreleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Palestinanyň “WAFA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Mahmud Abbas Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte we Awstraliýanyň Premýer-ministri Antony Alban bilen telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi.

Gollandiýanyň Premýer-ministri Rutte bilen geçiren duşuşygynda “Basyp alyjy güýçleriň Gazany bölmek hakyndaky meýilnamalary kabul edilmesiz” diýen Abbas, Gaza üçin syýasy ýa-da howpsuzlyk çözgüdiniň ýokdugyny, onuň Palestina döwletiniň aýrylmasyz bölegi bolup durýandygyny beýan etdi.

Abbas, palestin halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy we özygtyýarly bolmagy üçin halkara kanunçylyga esaslanýan syýasy çözgüdiň iş ýüzüne geçirilmeginiň hökmanydygyny nygtady.

Awstraliýanyň Premýer-ministri Antony Alban bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Abbas, palestin halkyna edilýän gyrgynçylygyň dessine bes edilmelidigini aýtdy.

Mahmud Abbas, palestin halkynyň kanuny wekilidigini, milli kararlary kabul etme hukugynyň hem Palestinany azat ediş guramasyna degişlidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
1 hepdede 2 rekord goýan türgen kakasyna awtoulag alar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
“Britaniýanyň Beren Challenger 2 Tanklary Ýurdumyza Geldi”