Abdullahiýan ABŞ-ny Ozalky Posiziýasyny Gaýtalamakda Günäkärledi

Abdullahiýan ABŞ-ny Ozalky Posiziýasyny Gaýtalamakda Günäkärledi

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Emir Abdullahiýan Katardaky ýadro ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirmek boýunça geçirilýän gepleşikler boýunça ABŞ-ny “ozalky pozisiýasyny gaýtalamakda we täzeçe çemeleşmezlikde” günäkärledi.

“Fars” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Emir Abdullahiýan fransuz kärdeşi Ketrin Kolonna bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Abdullahiýan ABŞ bilen geçirilýän gepleşikler hakynda; “Amerikan tarapy Doha haýsydyr bir täzeçe çemeleşmesiz gatnaşdy. Ozalky syýasy pozisiýasyny gaýtalamagyny ýerlikli hasaplamaýarys, täzeçe çemeleşmäniň gerekdigine ynanýarys” diýdi.

Resmi Tähranyň Dohadaky gepleşiklere umuman oňyn garaýandygyny nygtan Abdullahiýan; “Amerikan tarapynyň diplomatik pursatdan peýdalanjakdygyny görmek gerek. Heniz diplomatiýanyň ýoly açyk. Ýerlikli we durnukly ylalaşyk gazanmak üçin biz çynlakaýan çemeleşýäris. Elmydama gepleşiklerde oňyn tekliplerimizi we pikirlerimizi hödürledik” diýdi.

Abdullahiýan ýurdunyň beren sözlerinden durandygyny, ABŞ-nyň hemwadasynda durmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran we Kataryň Daşary işler ministrleri Ýemeniň wakalary barada gepleşik geçirdiler
Afrika Bileleşiginiň Sionist režiminiň "Somaliland"-y ykrar etmek hereketine berk garşylygy
“Barselona” “Atletik Bilbaony” derbi-dagyn etdi
'Arkadag' 'Al-Nassrdan' utuldy, 'janköýerler' çeken kösençligi barada gürrüň berdiler
Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar
Ysraýyl Gazada 3 palestinlini öldürdi
Iordaniýa we Siriýa kontrabanda garşy serhet howpsuzlygyny berkitmek boýunça ylalaşdy