Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy atly halkara ylmy maslahat geçirildi.Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň mejlisler zalynda guralyp, oňa ýerli we daşary ýurtly bilermenler gatnaşdy.

Mejlisde ylmyň we tehnologiýanyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem onuň geljekdäki ösüş ugurlary barada çykyşlar edildi.Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow çykyş edip, gatnaşyjylary gutlady we hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi.

Maslahata onlaýn görnüşde hem birnäçe daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdy.Russiýa Federasiýasyndan Oleg Aleksandrin innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň ugurlary barada çykyş etdi.Hytaý Halk Respublikasyndan Çžan Sýao we Sýan Weý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de mikrobiologiýa ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň möhümdigini bellediler.

Sanly ykdysadyýet meselesi aýratyn üns merkezinde boldy.Russiýadan Alekseý Soluýanow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglanyşykly tekliplerini hödürledi.Gazagystandan Gülnara Abişewa bolsa bu ugurda işgärleri taýýarlamak we ekspertiza mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Maslahatda saglygy goraýyş, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy boýunça çykyşlar hem giň orun aldy.Türkiýäniň wekilleri Enkhbaatar Uliibayar we Jem Gözener lukmançylyk hyzmatlarynda sanly tehnologiýalaryň orny barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, Gruziýadan Dawid Iordanişwili sanly ulgam arkaly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Energetika we senagat ulgamlary hem maslahatda möhüm temalaryň biri boldy.Türkiýeden gelen bilermenler Abdullah Örs, Nedim Baral, Orhan Gün we Zafer Türkoglu nebit-gaz pudagynda innowasion çemeleşmeleriň orny hem-de çig mallary netijeli peýdalanmagyň täze usullary barada çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlaryň jeminde halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ylmy we tehnologik ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle maslahatlar diňe bir ylmy gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerine giň ýol açýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Singapurda täze zawod gurar