“Barselona” “Atletik Bilbaony” derbi-dagyn etdi

“Barselona” “Atletik Bilbaony” derbi-dagyn etdi

Ispaniýanyň Super Kubogy ýaryşynda ilkinji finalçy belli boldy.Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki “Şa Abdullah Sport Siti” stadionynda geçirilýän ýaryşyň 1-nji ýarym finalynda “Barselona” bilen “Atletik Bilbao” duşuşdy.

Katalonlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Barselona” 5-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren “Barselona” toparynyň gollaryny Ferran Torres (22), Fermin Lopes (30), Runi Bardagji (34) hem-de Rafinýa (38, 52) derwezä girizdi.

“Barselonanyň” finaldaky garşydaşy şu gije belli bolar. Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda, Madrid derbisinde “Real” bilen “Atletiko” toparlary duşuşarlar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen ýarygijede (00:00) başlanar.

Ýeňiş gazanan topar finalda “Barselona” bilen duşuşar. Final duşuşygy 11-nji ýanwarda ýekşenbe güni oýnalar (00:00).

Ýene degişli makalalar

Lewandowski ilki derwezäni ýalňyşdy, soňra düzeltdi
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
Osimheniň het-trigi
“Barselona” hem-de “Real Madrid” atdaş klublary ýeňdi
“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar