“Barselona” hem-de “Real Madrid” atdaş klublary ýeňdi

“La Ligada” geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Super Kubogy duşuşyklary sebäpli 19-njy tapgyryň 2 duşuşygy wagtyndan öň oýnaldy. Şolarda “Barselona” öz meýdançasynda “Atletiko Madridi” 3-1 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Baenanyň (19) goly bilen ilkinji bolup hasaby myhmanlar açsa-da, ýer eýeleri Rafinýa (26), Olmo (65), Torresiň (90+6) gollary bilen ýeňşini baýram etdi.Duşuşykda 36-njy minutda Lewandowski 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi. “Real Madrid” bolsa myhmançylykda “Atletik Bilbao” bilen duşuşyp, 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 3 oýundan soň 3 utuk alan Realyň gollarynyň 2-sini Kilian Mbappe (7, 59), beýlekisini bolsa Kamawinga (42) derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Mbappe iň çalt het-trik eden 2-nji futbolçy
Çempionlar Ligasynda 5-nji tapgyryň iň ökde oýunçysy mälim edildi
“Real Madrid” “Monakony” derbi-dagyn etdi