Mbappe iň çalt het-trik eden 2-nji futbolçy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Gresiýanyň “Olimpiakos” toparynyň myhmany bolup, Pireý şäherinde geçirilen duşuşykda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 8-nji minutda Çikinionyň goly bilen öňe geçdi. Ýöne madridlileriň jogaby gijikmedi hem-de uly boldy.

Ispan toparynyň ýyldyzy Kilian Mbappe 7 minutyň dowamynda het-trik etmegi başardy.Ol 22-nji, 24-nji we 29-njy minutlarda tapawutlandy.Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, umumylykda Çempionlar Ligasyndaky 5-nji het-trigi hökmünde hasaba alyndy.

Ol 6 minut 42 sekuntda 3 gol geçirip, Mohamed Salahdan (6,12 minut) soň bu ýaryşda iň çalt het-trik eden oýunçy boldy. 52-nji minutda Mehdi Taremi grek klubunyň umytlaryny oýarsa-da, 60-njy minutda Mbappe 4-nji goluny geçirip, aratapawudy ýene-de 2 gola çykardy.

El Kaabiniň 81-nji minutdaky goly “Olimpiakosa” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady we “Real Madrid” 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy.

“Interiň” ilkinji ýeňlişi

Madridiň beýleki topary “Atletiko” hem bu tapgyry ýeňiş bilen tamamlady.Italiýanyň “Inter” topary bilen duşuşan “Atletiko” 90-njy minutdan soň ýeňşini baýram etdi. 9-njy minutda Hulian Alwaresiň goly bilen öňe geçen ispan toparynyň derwezesinden 54-nji minutda Zielinski deňlik goluny geçirdi. Ýöne 90+3-nji minutda Himenes ispanlara ýeňiş getiren goly geçirip, “Interiň” ýeňlişsiz ýörişini soňlady.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda 5-nji tapgyryň iň ökde oýunçysy mälim edildi
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi
Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
“Real Madrid” “Milandan” soň “Liwerpuldan” hem ýeňildi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi