Abdullatif Reşid Yrakda Prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady

Abdullatif Reşid Yrakda Prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady

Abdullatif Reşid üçin ýurduň paýtagty Bagdat şäherindäki Prezidentiň Al-Salam köşgünde resmi dabara geçirildi.

Dabara Mejlisiň başlygy Muhammed Halbusi bilen kömekçileri, Mejlisdäki syýasy toparlaryň başlyklary, harby serkerdeler bilen ýurduň ozalky Prezidenti Fuad Masum gatnaşdy.

Dabara şeýle hem täze Prezidentiň aýaly Şanaz Ibrahim, gyzy, ogly, gelini we agtygy hem gatnaşdy.

Ýurduň Abdullatif Reşitden ozalky Prezidenti Berhem Salih bolsa geçirilen resmi dabara gatnaşmady.

Kürt syýasatçy Abdullatif Reşid Yragyň mejlisinde 13-nji oktýabrda geçirilen bölüminde Prezident wezipesine saýlanypdy.

Saýlawdan soň Abdullatif Reşid, şaýylaryň Premýer ministr dalaşgäri Muhammed Şiýa as-Sudana hökümedi gurmak wezipesini tabşyrypdy.

Sudaniniň iň giýç 1 aýyň içinde hökümediň düzümini emele getirip, Mejlisiň garamagyna hödürlemegi gerek.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogana Duýgudaşlyk Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Eýranyň Prezidentini Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Yraga Guraýar
TASS: Türkmenistanyň DIM-niň başlygy KHDR problemasy boýunça Ýaponiýany goldady