TASS: Türkmenistanyň DIM-niň başlygy KHDR problemasy boýunça Ýaponiýany goldady

Aşgabatda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň DIM-leriniň başlyklary Fumio Kasida bilen Reşid Meredowyň arasynda gepleşik geçirildi.

“Ministrler ikitaraplaýyn ykdysady ylalaşyk barada gepleşiklere başlamak barada ylalaşyga geldiler we, şeýle-de olar taraplaryň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak üstünde işlemekleri baradaky pikire geldiler” diýip, ТАСС Ýaponiýanyň DIM-ine salgylanyp habar berýär.

Mundanam başga, ministrler halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar: hususan-da Meredow KHDR problemasy babatynda Ýaponiýa goldaw bildirdi. Taraplar Owganystandaky ýagdaý barada hem pikir alyşdylar.

Kasida Aşgabatda duşenbe güni “Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa” dialogyna gatnaşar, bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Iki hepde ozal Türkmenistanyň DIM-inde KHDR-yň delegeasiýasy bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2020-nji ýyly FIFA-nyň sanawynyň 132-nji ornunda tamamlady
Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy
Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 132-nji orunda galdy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky resmi duşuşyklary iýuna süýşürildi
Koreýa Respublkasynda koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjyma başlandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň wagtlary belli boldy