Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 132-nji orunda galdy

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 132-nji orunda galdy

Şu gün Halkara futbol federasiýasy (FIFA) resmi web saýtynda milli ýygyndylaryň reýting sanawyny täzeledi. Täzelenen sanawda Türkmenistan 132-nji orunda görkezilýär. Milli ýygyndymyza 1107 utuk berilýär.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy täze sanawda Komoros we Gwatemaladan (1112 oçko) bir basgançak yzda, Ruandadan (1103) bir basgançak öňde ýerleşýär.

Soňky täzelenmeden soňra milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyklaryň geçirilmändigi sebäpli, ýygyndylaryň ozalky orunlary känbir üýtgemedi. Sanawyň başyny heniz hem Belgiýa çekýär. Ilkinji üçlükde Fransiýa bilen Braziliýa bar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2020-nji ýylda ýekeje duşuşyk hem geçirmedi. Aziýa kubogy ― 2023-iň we Dünýä kubogy ― 2022-niň saýlama duşuşyklary şu ýyla süýşürildi.

Täzelenen sanawda bu duşuşyklardaky garşydaşlarymyzdan Koreýa Respublikasy 38-nji, Liwan 92-nji, KHDR 115-nji, Şri-Lanka bolsa 206-njy orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Iňlisleriň gaçybatalga gözleýänleri deportasiýa etmek baradaky meýilnamasyna Eýranyň nägile bolmagy
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Türkiýäniň Maý Aýyndaky Eksporty Artdy
Altun BMG-niň Adalatly Dünýä İdeýasyna Laýyklykda Özgerdilmelidigini Aýtdy
Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
Türkiýe Beýik Britaniýa nägilelik bildirdi