2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň galan duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy.
Saýlama tapgyrynyň “H” toparçasynda Koreýa Respublikasy, KHDR (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy), Liwan hem-de Şri-Lanka bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklary 3-15-nji iýun aralygynda geçiriler.
Merkezleşdirilen tertipde (bir ýurtda) guraljak saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri az soňra belli bolar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.
Geçirilen duşuşyklardan soň ýaryş tertibi:
T/b
Toparlar
O
Ý
D
U
T
U
1.
Türkmenistan
5
3
0
2
8-5
9
2.
Koreýa Respublikasy
4
2
2
0
10-0
8
3.
Liwan
5
2
2
1
5-3
8
4.
KHDR
5
2
2
1
4-3
8
5.
Şri-Lanka
5
0
0
5
0-16
0
Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, U-utuk.
Geçirilmeli duşuşyklaryň tertibi:
03.06.2021 ý.
KHDR Şri-Lanka
Koreýa Respublikasy Türkmenistan
07.06.2021 ý.
Günorta Koreýa KHDR
Liwan Şri-Lanka
11.06.2021 ý.
Türkmenistan Liwan
Şri-Lanka Günorta Koreýa
15.06.2021 ý.
Günorta Koreýa Liwan
KHDR Türkmenistan
