Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy

Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogynyň senelerini belli etdi ― diýip, AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Habarda hem ýazylyşy ýaly, yklymyň iň garaşylýan futbol baýramçylygy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda geçiriler. Duşuşyklaryň 10 şäherdäki stadionlarda geçirilmegine garaşylýar.

Yklym ýaryşynyň saýlama duşuşyklaryny Türkmenistanyň futbol ýygyndysy H toparçada geçirýär. Koreýa Respublikasynyň, KHDR-nyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň topardaşy bolan milli ýygyndymyz edil häzir 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär. Eger pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar päsgel bermese, milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşygyny 21-nji martda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirer.

Ýene degişli makalalar

10-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2020-nji ýyly FIFA-nyň sanawynyň 132-nji ornunda tamamlady
Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 132-nji orunda galdy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň mart aýyndaky resmi duşuşyklary iýuna süýşürildi
Koreýa Respublkasynda koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjyma başlandy