ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler

ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler

Tehas ştatynyň Dallas şäherinde polisiýa gullugynyň işgärleri öýleriň birinde 6 adamyň jesedini tapdylar. Ýogalan adamlaryň ählisiniň şol bir maşgalanyň agzalarydygy anyklandy.

Polisiýa gullugy, ýogalanlaryň şahsyýetlerini aýan etmedi: emma ýogalanlaryň arasynda iki erkek doganyň, bir gyz jigileriniň, ejeleriniň, kakalarynyň we eneleriniň bardygyny habar berdiler.

Iki erkek doganyň öz aralarynda meýilnama düzüp, ilki bilen öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürip, soň bolsa öz janlaryna kast edendikleri mälim edildi.

Erkek doganlaryň biriniň sosial mediada jenaýat we öz janyňa kast etmek meýilnamasy bilen bagly wideo ýazgy paýlaşandygy aýan edildi.

Geçen hepdäniň ahyrynda başdan geçirilendigi çak edilýän wakada polisiýa gullugynyň işgärleri, ýogalan iň ýaş adamyň 19 ýaşynda bolandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ussatlyk sapagy geçirildi
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleri
Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy
Daşary ýurt metbugatyna syn
ABŞ-da Buthana Guralan Ýaragly Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
23. ABŞ-da Buthana Guralan Ýaragly Hüjümde 1 Adam Ýogaldy