Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Monde: Fransiýanyň Adalat ministri Erik Dýupon Moretta garşy bikanun ýagdaýda peýda görmek bilen bagly derňew işi başladyldy.

Le Soir: Belgiýada göz tussaglygynda ýogalan Afrikaly ýaş oglan üçin ýurdyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen demonstrasiýada dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Le Monde: Parižiň kazyýeti Polisiýa gullugynyň 3 işgärini, aşa güýç ulanmak we rasizm sebäpli duýduryş berdi we hereketlerini ýazgaryp jeza berdi.

Deutsche Welle: Türkiýäniň Derman we lukmançylyk enjamlary guramasy, analizleri tamamlanan Hytaýyň "CoronaVac" sanjymynyň gyssagly ýagdaýda ulanylmagyny tassyklady. Sanjym tassyklananyndan soň CoronaVac sanjymynyň ilkinjisi Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja edildi.

DiePresse.com: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Mutasiýaly koronawirus dünýäniň 50 ýurdynda hasaba alyndy" diýip habar berdi.

Tagesschau.de: Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan, koronawirus epidemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň fewral aýynda aýrylmagynyň gerekdigini belledi.

Al-Dustour (Iordaniýa): Ysraýylyň Siriýa guran hüjüminde 57 adam ýogaldy.

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Amerikan taryhynda, özüniň wezipesinden çetleşdirilmegi üçin işi iki gezek Senata berilen ilkinji Prezident boldy.

Al Jazeera: Kanadanyň hökümetiniň Aragatnaşyk ministri wezipesine ilkinji gezek siriýaly bosgun bellendi.

Interfaks agentligi: Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý, dekabr aýyndan bäri Russiýada polisiýa gullugy tarapyndan gözlenýänleriň sanawynda durýar.

RBK habar saýty: Bank of Amerikanyň hünärmenlerine görä ABŞ-da saýlawda Jo Baýdeniň üstün çykmagy Russiýanyň bazarlaryna oňyn täsir ýetirip biler.

Lenta.ru habar saýty: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, öňümizdäki hepdeden başlap Russiýada köpçülikleýin sanjymyň başladylmagy barada buýruk berdi.

El Pais: Ispaniýada hökümet garly tupanda zyýan ýeten adamlara ýardam beriljekdigi barada kepillik berdi.

TeleSur: Meksikanyň ABŞ-nyň Dallas şäherindäki Baş konsullygy, resmi Twitter hasabyndan, 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli 19 müň 998 latino-amerikan raýatyň od açylyň öldürilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer