ABŞ-da iki kiçi uçar çakyşdy

ABŞ-da iki kiçi uçar çakyşdy

ABŞ-nyň Arizona ştatynda iki kiçi uçaryň biri-biri bilen howada çakyşmagy netijesinde 2 adam ýogaldy.

Marananyň sebitleýin howa menziliniň golaýynda bir Cessna 172S we Lancair 360 MK II kysymly uçarlar biri-birleri bilen howada çakyşdylar.

Uçar heläkçiliginde 2 adam ýogaldy.

Marana sebitiniň häkimligi tarapyndan berilen beýanatda, uçarlarda jemi 4 adamyň bolandygyny, emma beýleki 2 adamyň saglyk ýagdaýlary barada maglumat berilmändigi habar berildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Ýene degişli makalalar

'Ýerden ýokarda, uçup ýöreýänler' näme üçin halanmaýar?
HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?
Ne gol geçirýär, ne-de gol geçirdýär 4 duşuşygy hem golsuz tamamlandy
Ekologiýa we abadançylyk
'Pagta' häkimiýetler üçin bikanun paç almak guralyna öwrüldi - Çeşmeler