ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy

ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming ştatynda ýerleşýän Wolt Disneýiň maşgalasyna degişli bolan ranço 71 million dollar baha kesilip, satuwa çykaryldy. Bu barada The Wall Street Journal gazeti habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Ýellowstown milli seýilgähinden 37 kilometrlikdäki ranço 2 müň gektary eýeleýär, ol üç tarapyndan dag bilen gurşalan ajaýyp künjekde ýerleşýär.

Wolt Elaýas Disneý amerikaly multiplikator, prodýuser we režissýor. Ol Mikki-Mausy we beýleki onlarça multiplikasion gahrymanlary döretdi, 650-den gowrak filme prodýuserlik etdi, 120 multfilmiň režissýory boldy, The Walt Disney Company studiýasyny esaslandyrdy.

Bu gün The Walt Disney Company iň iri media toparlaryň biridir. Onuň düzümine birnäçe kinostudiýa, çagalar üçin teleýaýlymlar, radio ýaýlymlary, seýilgähler toplumy, şypahanalardyr garbanyşhanalar girýär.

Ýene degişli makalalar

92-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri
Wolt Disneýiň mülki satylýar
ABŞ-da Uolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
“Netflix”-iň abunaçylary artýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy