The Walt Disney 7 müň işgärini boşadar we işini üýtgedip gurar

The Walt Disney 7 müň işgärini boşadar we işini üýtgedip gurar

ABŞ-daky iri göwnaçyşlyk kompaniýasy bolan The Walt Disney Company özüniň 7 müň işgärini işden boşadar we girdejileri artdyrmak maksady bilen, işini üýtgedip gurar. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Robert Aýger habar berdi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan Belta.by ýazýar.

Disney kompaniýasynyň başlygynyň sözlerine görä, indiden beýläk kompaniýa üç şahamça bölüner. Birinjisi göwnaçyşlyklar bölümi bolup, ol kino we telewideniýe pudagynda göwnaçyşlyk kontentine jogap berer. Ikinjisi sport gepleşikleri, üçünjisi bolsa tematiki seýilgählere, syýahat gämilerine we sarp ediş harytlaryna gözegçilik eder.

Aýgeriň aýtmagyna görä, işi täzeden guramak kompaniýanyň girdejilerini artdyrmaga hem-de çykdajylary 5,5 milliard dollara çenli kemeltmäge mümkinçilik berer.

The Walt Disney Company göwnaçyşlyklar senagatynda iri mediakonglomeratlaryň biri bolup, meşhur Uolt Disneýiň multfilmleri öndürýän studiýasynyň bazasynda döredilendir.

Ýene degişli makalalar

Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy