ABŞ, Damaksdaky Gyrgynçylygyň Jogapkärine Sanksiýa Goýdy

ABŞ, Damaksdaky Gyrgynçylygyň Jogapkärine Sanksiýa Goýdy

ABŞ, 2013-nji ýylda Siriýanyň paýtagty Damaskda elleri daňylan we gözleri baglanan 41 adamy ýeke-ýekeden atyp öldürenden soň çukura gömen Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň harby razwetka gullugynyň serkerdesi Emjed Ýusufa 10 ýyl soň sanksiýa goýdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Siriýada içerki urşuň 12-nji ýylyna girendigini, 12 ýylda adamzada garşy uly jenaýat edilendigini belledi.

Blinken “Şol zulumlardan biri hem Damaskyň Tadamon etrapçasynda 2013-nji ýylyň 16-njy aprelinde Asada tabynlykdaky güýçleriň harby razwetka gullugynyň serkerdei Emjed Ýusufuň asuda ilatdan azyndan 41 adamy öldüren gyrgynçylygydy. Garaşsyz topar tarapyndan geçirlen giň gerimli barlaglardan soň ilkinji gezek 2022-nji ýylda şol gyrgynçylygyň subutnamalary tapyldy. Biz hem şu gün şol zulumyň hasabyny soraak üçin herekete geçýäris” diýdi.

Döwlet sekretary Blinken, Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň harby razwetka gullugynyň serkerdesi Emjed Ýusufyň, aýaly Annan Wafusyň we ýakyn hossarlarynyň ABŞ-na girmeginiň gadagan edilendigini aýtdy.

Blinken, “Tadamon” gyrgynçylygynda ýogalanlary uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynda Arap Ligasynyň sammiti geçirildi 
Ysraýyl Damaska Howa Hüjümini Gurady
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Ysraýylyň Halap Howa Menziline Guran Hüjüminde 36 Esger Ýogaldy
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi